Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 57-si hasaba alyndy

18:1112.06.2023
0
33823

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Maltanyň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen A-92 awtobenzini, ýangyç mazudyny, «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93 awtobenzini satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Hytaýyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Gonkongyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri dürli görnüşli tüýjümek önümleri, ýorgan-düşek toplumlaryny, ranfors, nah ýüplügi, matany hem-de hasany satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 137 million dollaryndan gowrak boldy.

Ýurduň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 28 million 73 müň manatdan gowrak bolan bugdaý harpygyny, binýatlyk ýagy hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň