Türkmen alymlary ýüpek gurçuklaryny iýmitlendirmekde üstünlikli synaglar geçirdiler

12:3308.06.2023
0
37558

Türkmenistanyň alymlary dokma senagatyny pile bilen üpjün edýän önümçiligiň netijeliligini has-da ýokarlandyrmakda ylmy esaslaryň ösmegine uly goşant goşýarlar.

Türkmenistanda Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň «Daşky gurşawy goramak tehnologiýalary» barlaghanasynyň alymlary Türkmenistanda ýüpekçiligi ösdürmek bilen bagly ylmy gözlegleriň çäginde biotehnologiýa önümini — bir öýjükli biomassany üstünlikli synagdan geçirdiler.

Barlaghana şertlerinde «hlorella vulgaris» bilen ýüpek gurçuklary iýmitlenende sagdyn ýüpek gurçuklary we uly pileler alyp bolýar. bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşirinde habar berildi.

Ylmy gözlegleriň dowamynda synaglar diňe ýüpek gurçugynyň (soňky) 5-nji döwründe geçirildi.

Şeýle şertlerde geçirilen ylmy gözlegleriň netijesi, ýüpek gurçuklarynyň kesellere garşylygyny ýokarlanýandygyny, agramynyň çalt artýandygyny we adaty tut ýapraklary bilen iýmitlenýän ýüpek gurçuklaryndan hem-de arassa ýüpek pileleriniň agramyndan 20% ulalandygyny görkezdi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň «Daşky gurşawy goramak tehnologiýalary» barlaghanasynyň alymlary az çykdaýjy edip, ýokary netijeleri gazanmak üçin bu ugurdaky biotehnologiýalary kämilleşdirmek boýunça gözleg işleri dowam etdirýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň