Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda strategiki taýdan wajyp we döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryň biri zenanlar hakdaky aladadyr

09:1402.09.2015
0
5853

Türkmen wekiliýetiniň wekiline şu günler Nýu-Ýork şäherinde (Amerikanyň Birleşen Ştatlary) Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda geçirilýän Parlamentiň Baştutanlarynyň 4-nji Bütindünýä maslahatynyň münberinden çykyş etmek mümkinçiliginiň berilmegi Watanymyzyň dünýä jemgyýetçiliginde barha ýokarlanýan ornunyň, ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda, şol sanda gender deňligi babatda netijeli syýasaty durmuşa geçirýän täze garaýyşly lider hökmünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň belent halkara abraýynyň nobatdaky ajaýyp subutnamasyna öwrüldi.

Ozal habar berilişi ýaly, döwlet Baştutanynyň tabşyrmagy boýunça türkmen wekiliýeti 2015-nji ýylyň 28-nji awgusty 3-nji sentýabry döwründe Parlamentleriň zenan ýolbaşçylarynyň 10-njy halkara hem-de Parlamentleriň Baştutanlarynyň 4-nji Bütindünýä maslahatyna gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine ugradyldy.

Maslahatyň münberinden çykyş edip, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa kärdeş parlamentarilerini Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň strategiýasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. Şol strategiýa halkara syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine işjeň ýakynlaşmaga tarap ugur alyp, hemişelik oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan syýasaty yzygiderli alyp barýar.

Birleşen Milletler Guramasy bilen milli parlamentleriň we Parlamentara birleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň, şeýle hem BMG-niň çäklerinde her ýylky parlament diňlemeleriniň tejribelerini peýdalanmagyň ähmiýeti nygtaldy. Bu bolsa global strategiýalara we maksatnamalara garalanda parlament nukdaýnazarynyň göz öňünde tutulmagyny üpjün edýär.  

Türkmenistan özbaşdak döwlet ösüşiniň ýyllary içinde ykdysadyýetde, durmuş çygrynda, medeniýetde, milleti ruhy taýdan galkyndyrmakda uly üstünlikler gazandy diýip, A.Nurberdiýewa aýtdy. 

Ykdysadyýetiň düzüminiň netijeli üýtgedilip  guralmagy,onuň güýçli depginler bilen ösdürilmegi netijesinde ilatyň jan başyna düşýän jemi  içerki önümiň  (JIÖ)  derejesi boýunça Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistan  2001-nji  ýylda   pes  girdejili ýurtlaryň toparyndan ortaça girdejili ýurtlaryň hataryna, 2011-nji ýylda bolsa girdejileri ortaça derejeden ýokary geçýän ýurtlaryň toparyna   geçirildi.   Türkmenistanda  hatda  dünýä  maliýe-ykdysady çökgünlik döwründe hem ýokary ykdysady ösüşiň depginlerini saklap galmak başartdy. Soňky ýyllarda jemi içerki önümiň ösüş depginleri on göterim derejesinde saklanýar.

Döwletiň durmuş ugruna gönükdirilen möhüm wezipesi - bazaryň netijeliliginiň we durmuş adalatlylygynyň arasyndaky deňagramlylygy üpjün etmek diýip, Mejlisiň Başlygy sözüni dowam etdi. Türkmenistanda her bir raýatyň, her bir maşgalanyň, aýratyn hem köp çagaly maşgalalaryň durmuş taýdan goralmagy üçin giň maddy ýeňillikler ulgamy, artykmaçlyklar döredilendir.

Ýurtdaky durmuş kepillikleriniň ulgamy bir tarapdan, köp ugurly bolup durýar. Çünki ol jynsyna, önümçilik çygryna gatnaşygyna, hal-ýagdaýyna garamazdan ilatyň ähli gatlagyny öz içine alýar (mysal üçin, raýatlar bellenen ölçegiň  çäklerinde tebigy gazdan, elektrik togundan, agyz suwundan mugt peýdalanýarlar, maşgalalar bolsa, çagalaryna döwlet kömek puluny alýarlar) başga tarapdan bolsa - her kime aýratynlykda, çünki aýry-aýry adamyň anyk islegleri göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, ýurduň Hökümeti döwletimiziň öňünde duran wezipeleriň köpdürlüligine we çylşyrymlylygyna garamazdan, aýallaryň meselelerine, olaryň konstitusion ýagdaýyna, eneligiň goldanylmagyna we maşgalanyň goralmagyna aýratyn üns berýär diýip, Mejlisiň Başlygy nygtady. Aýallaryň we maşgalanyň jemgyýetiň möhüm düzüm bölegi hökmündäki ornunyň ýokarlandyrylmagynyň göwnejaý hukuk esasynyň üpjün edilmeginiň zerurlygyna, aýallar babatda haýsy-da bolsa bir kemsitmelere ýol berilmezligine barha giňden düşünilmegi Türkmenistanyň kanunçylyk ulgamynda öz beýanyny tapýar.

Türkmenistanda strategiki taýdan wajyp we döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryň biri zenanlar hakdaky aladadan, jemgyýetde olaryň derejesini ýokarlandyrmakdan, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda hakyky gender deňligini üpjün etmekden ybarat bolup durýandygy bellenildi.

Ýurdumyzda zenanlaryň ykdysady we işewürlik taýdan işjeňliginiň örän ýokarydygynyň mysaly hökmünde aşakdaky sanlar getirildi:  ykdysadyýetde zenanlaryň tutýan orny 2013-nji ýylda 44 göterimden gowrak, döwlete degişli bolmadyk bölekde bolsa – 47 göterimden gowrak boldy.

Ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň hem-de halkara hukugynyň umumy kabul edilen kadalarynyň  düzgünnamalaryna laýyklykda erkekler we aýallar üçin deň hukuklary we azatlyklary döretmegiň ýörelgesi Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasyny ykrar edip we halkara borçnamalaryna yzygiderli eýerip, Türkmenistan adam hukuklary hakyndaky esasy halkara namalaryna, şol sanda aýallaryň hukuklary hakyndaky jarnamalara we konwensiýalara goşuldy. 

Şahsyýetiň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini hemmetaraplaýyn goramak maksatlaryny ýerine ýetirmäge netijeli hukuk binýady, ýurdumyzyň birnäçe  partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işleri ýardam berýär. Milli kanunçylygy kämilleşdirmäge, öňdebaryjy halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzümleri bilen netijeli, özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýär.

Milli parlamentiň häzirki hereket edýän düzüminde zenanlaryň möçberi  26,4 göterimden ybarat, ýagny 125 deputatyň 33-si aýallar bolup durýar. Munuň özi dünýäniň ortaça derejesinden we dünýäniň ençeme ösen ýurtlarynyň görkezijilerinden geçýär. Zenanlaryň ýüzlerçesi welaýat, etrap, şäher wekilçilikli häkimiýet edaralary bolan Halk maslahatynyň düzüminde, müňlerçesi ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bolan Geňeşleriň düzüminde işleýärler.

Zenanlaryň köp sanlysy  hökümetiň ýokary edaralarynyň düzümine girýärler, mysal üçin, hökümetiň wise-premýeri, ministrler, şeýle hem welaýat, şäher, etrap dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary, gazetleriň we žurnallaryň baş redaktorlary, ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy edaralaryň ýolbaşçylary bolup durýarlar.  Zenanlar merkezi we ýerli derejelerde saýlaw toparlarynyň ýolbaşçy düzümine wekilçilik edýärler. Zenanlar erkekler bilen deň hatarda döwlet işlerini dolandyrmaga bolşy ýaly, daşary syýasat işlerine hem gatnaşýarlar. Mysal üçin, diplomatik işgärleriň hatarynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili, şeýle hem Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçisi zenanlardyr.

2015-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň BMG-niň “BMG-Aýallar” gender deňliginiň hem-de aýallaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň  meseleleri boýunça gurluş düzüminiň Ýerine ýetiriji Geňeşine saýlanmagy Türkmenistanyň ýurdumyzda BMG bilen ysnyşykly özara hereketde gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen ýörelgesini tassyklaýan nobatdaky ädime öwrüldi.

Nýu-Ýorka saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň gender deňligi hem-de Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça aýallaryň  hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň (BMG-Aýallar) giňeldilmegi meseleleri boýunça düzüminiň direktory hanym Ingibjorg Solrun Gisladottir   hem-de Merkezi Aziýa ýurtlary üçin “BMG-Aýallar” sebit merkeziniň ýolbaşçysy hanym Elaine Konkiýewiç bilen duşuşygy geçirildi.

“BMG-Aýallar” düzüminiň ýokary wezipeli wekilleriniň ýurdumyzyň bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan ýokary derejeli maslahata gatnaşmak üçin 2015-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistana sapar bilen geljekdikleri habar berildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň