Şu ýylyň 24 — 29-njy iýuny aralygynda Türkmenistanda Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligini geçirmek göz öňünde tutulýar. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde aýdyldy.
Mejlisiň barşynda wise-premýer M.Mämmedowa Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda geçiriljek bu halkara çärä görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, hepdeligiň çärelerine Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň wekilleriniň, şeýle hem TÜRKSOÝ-nyň sekretariatynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, netijeli halkara gatnaşyklaryň möhüm şerti hökmünde medeni diplomatiýanyň ilerledilmeginiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.
Döwlet Baştutany wise-premýere Türkmenistanda Türki döwletleriň Medeniýet hepdeliginiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.