Ärdogan Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn dostlukly hyzmatdaşlygy ösdürjekdigini mälim etdi

13:2829.05.2023
0
32686

Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanylan Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistan bilen ýola goýlan däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary ählitaraplaýyn ösdürjekdigini mälim etdi. Ol bu baradaky pikirlerini şu gün Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan telefon arkaly söhbetdeşlikde beýan etdi diýip, TDH habar berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylan Prezident Rejep Taýyp Ärdogany türk halkynyň durmuşyndaky iň taryhy gün, demokratiýa eradasy esasynda gazanan syýasy üstünligi we ýeňşi mynasybetli türkmen halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan we maşgalasynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady.

«Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanylan Prezidenti gutlaglar üçin hoşallyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça netijeli çäreleri mundan beýläk-de durmuşa geçirjekdigini, ýola goýlan döwletara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen başlangyçlary we tagallalary goldajakdygyny aýtdy» diýip, TDH-niň habarynda bellenilýär.

Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň okgunly häsiýeti kanagatlanma bilen bellenildi hem-de birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak, uzak möhletleýinlik we ysnyşykly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýan köpugurly gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alşyldy.

Söhbetdeşler iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmäge berk ygrarlydygyny tassyklap, ynanyşmaga, birek-birege hormat goýmaga, şeýle-de özara düşünişmäge esaslanýan gatnaşyklaryň ähli ulgamlarda köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň