Soňky habarlar

Arhiw

Lebapda «Ussat pileçi» atly zähmet bäsleşigi jemlendi

08:5927.05.2023
0
18242

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Lebap welaýatynyň ýüpekçileri 1010 tonnadan gowrak pile tabşyryp, boýun alan borçnamalarynyň abraý bilen hötdesinden geldiler. Ýakynda bolsa welaýat häkimligi tarapyndan yglan edilen zähmet bäsleşiginiň jemi jemlenip, öňdebaryjy etraplar, hojalyklar we aýry-aýry pileçiler sylaglanyldy.

«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, «Ussat pileçi» diýlip atlandyrylan zähmet bäsleşigi iki ugur — borçnamany ilkinji bolup amal etmek hem-de has köp pile tabşyrmak boýunça geçirildi. Kerki etrabynyň pileçileri şu ýyl diňe bir welaýatda däl, tutuş Türkmenistan boýunça hem borçnamasyny ilkinji bolup amal etseler, Hojambaz, Dänew etraplarynyň pileçileri ikinji, üçünji orunlary paýlaşdylar. Daýhan birleşikleriniň arasynda Köýtendag etrabynyň «Zarpçy» daýhan birleşigi welaýatda ilkinji bolup borçnamasyny doly ýerine ýetirdi. Ikinji, üçünji orunlary bolsa Dänew etrabynyň «Gabakly» we Köýtendag etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşikleriniň ýüpekçileri eýelediler.

Kerki etrabynyň «Hatap» daýhan birleşiginiň ýüpekçi kärendeçisi Gözel Nazargylyjowa welaýatda ilkinji bolup, 44 kilogram piläni tereziden geçirdi. Şol etrabyň «Mürzebeggala» daýhan birleşiginden Sabyr Pygamowa terezä welaýatda ikinji bolup geldi. Bäsleşikde Köýtendag etrabynyň «Garahowuz» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Döwletaý Söýünowa 70 kilogram pile tabşyryp, üçünji orna mynasyp boldy.

Kerki etraby borçnamadan artyk pile tabşyrmakda hem welaýatda birinji orna mynasyp boldy. Etrabyň ýüpekçileri borçnamany 108 göterimden hem geçirip, gündogar sebitde iň ýokary netijäni gazandylar. Bu gezek ikinji we üçünji orny eýelän etraplaryň arasynda bary-ýogy 0,8 göterimlik tapawut bar: Halaç etraby tabşyrygy 104,8 göterim amal edip ikinji orny eýelän bolsa, Çärjew etrabynyň pileçileri 104 göterime ýetdiler.

Bu ugur boýunça daýhan birleşikleriniň arasynda iň ýokary netijäni Saýat etrabynyň «Rahmançäge» daýhan birleşiginiň zähmetkeşleri eýeläp, pile tabşyrmak boýunça borçnamasyny 180 göterime golaýladyp ýerine ýetirdiler. Munuň özi diňe bir gündogar sebitde däl, tutuş Türkmenistan boýunça hem iň ýokary netijeleriň biridir.

Şunda ikinji we üçünji orunlar hem Saýat etrabynyň hojalyklaryna degişli: meýilnama «Soltanýazgala» daýhan birleşiginde 160,5 göterim berjaý edilen bolsa, etrapdaky Ylmy-önümçilik synag merkezi meýilleşdirileninden 26,9 göterim artyk piläni harmana tabşyrdy.

Şeýle hem etrabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky daýhan birleşiginiň ýüpekçi kärendeçisi Güller Şiriýewa borçnamasyny 3 esseden hem artyk ýerine ýetirip, tutuş ýurt boýunça hem iň ýokary netije gazandy. Has takygy, 130 kilogram pile tabşyran ýüpekçi meýilnamany 308 göterime ýetirip amal etdi.

Dänew etrabynyň «Babadaýhan» daýhan birleşiginden Gyzlarhan Çaryýewa ujypsyzja gurçuk tohumyndan 41 kilogram pile tabşyryp, borçnamasyny 290,7 göterim amal etdi. Üçünji orny eýelän Hojambaz şäheriniň ýaşaýjysy Eziz Öwlüýäkulowyň bolsa tabşyran pilesi hem, göterimi hem kän. Tabşyrygy 180 göterimden geçirip amal eden ýüpekçi harmana 344 kilogram pile tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň