Welaýatyň ýüpekçileriniň häzire çenli taýýarlan pilesi, 1010 tonna derek, 1060 tonnadan hem geçdi.
Şu ýyl ýüpek gurçugyny idedip, pile ýetişdirmek işine welaýatyň ýüpekçileriniň 21 müňden gowragy gatnaşdy. Möwsümiň başyndan welaýat häkimligi, syýasy partiýalaryň we iri jemgyýetçilik guramalarynyň ýerli edaralary tarapyndan «Ussat ýüpekçi» atly zähmet bäsleşigi yglan edildi. Ýüpekçileriň öz işini göwnejaý alyp barmagy üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Şertnamalaýyn borçnamanyň artygy bilen berjaý edilendigine garamazdan, Watan harmanynyň «kümüşsöw çäjine» senagat üçin gymmatly çig mal ýene-de gelip gowuşýar diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Eýýäm şu aýyň başynda Kerki we Hojambaz etraplarynyň ýüpekçileri, diňe bir sebitde däl, tutuş ýurt boýunça hem ilkinjileriň hatarynda şertnamalaýyn borçnamalaryny amal etdiler. Soňra sebitiň beýleki etraplarynyň ýüpekçileri-de yzly-yzyna arzyly pellä ýetdiler. Kerki etrabynyň ýüpekçileri 85 tonna pile tabşyran bolsalar, Hojambaz etraby 100, Dänew etraby 140, Saýat etraby 185 tonnadan geçirip pile tabşyrdy. Çärjew etrabynyň ýüpekçileri bolsa tutuş welaýat boýunça iň ýokary netijäni gazanyp, 261 tonnadan geçirip pile öndürdiler.