Arkadag şäheriniň ýerli býujeti boýunça degişli hasaplamalar geçirildi

22:3126.05.2023
0
27347
Arkadag şäheriniň ýerli býujeti boýunça degişli hasaplamalar geçirildi
Surat: tdh.gov.tm

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna we ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine garaldy.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Arkadag şäheriniň ýerli býujetini düzmek boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda täze şäheriň açylyş dabarasyna taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar, şäheriň häkimligi hem-de ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň düzüm birlikleri döredildi. Olaryň guramaçylykly işini üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan degişli kadalar hem-de görkezijiler esasynda Arkadag şäheriniň ýerli býujeti boýunça degişli hasaplamalar geçirildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu işleriň döwletiň durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary nazara alnyp, ähli degişli görkezijileri yzygiderli hem-de içgin öwrenmek esasynda alnyp barylmalydygyny belledi we wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň