Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Geýdar Aliýewiň 100 ýyllygy mynasybetli agaç nahallary oturtmak çäresi geçirildi

14:5526.05.2023
0
15924

Şu gün Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy azerbaýjan halkynyň milli lideri Geýdar Aliýewiň 100 ýyllygy mynasybetli agaç nahallaryny oturtmak çäresini gurady.

Bu çäre Azerbaýjanyň ilçihanasynyň täze administratiw binasynyň ýerleşýän çägine ýanaşyk ýerleşýän Aşgabatdaky diplomatik şäherçäniň meýdançasynda geçirildi. Bu ýerler ilçihana tarapyndan arassalanyldy, abadanlaşdyryldy, dökünli toprak getirilip, suwaryş ulgamy enjamlaşdyryldy.

Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Gasan Zeýnalow çärä gatnaşyjylara gutlag ýüzlenmesinde Türkmenistanda, şeýle hem Azerbaýjanda Geýdar Aliýewiň ýagty ýadygärliginiň hemişe hormatlanýandygyny aýtdy. «Geýdar Aliýew ýyly» bilen baglanyşykly bu ýerde medeniýet, sungat, bilim, sport we daşky gurşawy goramak ugurlarynda çäreler geçirilýär.

«Türkmenistanyň hökümetine Türkmenistanda «Geýdar Aliýew ýyly» mynasybetli geçirilen birnäçe çärelerde ilçihana beren goldawy üçin aýratyn minnetdarlygymy bildirýärin» diýip, G.Zeýnalow belleýär.

Bu çärä meýletin gatnaşyjylar şu gün ýüz düýp dub nahalyny oturtdylar.

«Şu gün Geýdar Aliýewiň 100 ýyllygy mynasybetli oturdylan dublar köp asyrlyk, mizemez azerbaýjan-türkmen dost-doganlygynyň nyşanyna öwrülsin!» diýip, diplomat ýowara gelenleriň hemmesine minnetdarlyk bildirdi.

Belläp geçsek, 2023-nji ýyl Azerbaýjanda «Geýdar Aliýew ýyly» diýlip yglan edildi. Azerbaýjanyň goraghanalarynyň, şäherlerindäki seýilgähleriň we ýaşyl zolaklaryň köpüsi bu görnükli döwlet işgäriniň ady bilen baglanyşykly, sebäbi Geýdar Aliýew daşky gurşawy goramak we şäherleri abadanlaşdyrmak meselesine uly üns beripdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň