Lebaply daýhanlar galla oragyna taýýarlanýar

09:3026.05.2023
0
13258

Şu ýyl Lebap welaýaty boýunça jemi 130 müň gektarda ýetişdirilen hasyly ýygnamaga dürli kysymly kombaýnlaryň 400-den gowragy gatnaşar. Kombaýnçylar bilen ýörite okuw maslahatlary geçirilip, tehnikalaryň saz işlemegi üçin zerur şertlere olaryň ünsi çekildi. Oragyň geçýän ýerinde ýangyç daşaýjy awtoulaglaryň 60-dan gowragy kombaýnlara hyzmat eder. Tehnikalary sazlaýjylaryň 52-si, abatlaýjylaryň 91-si, kömekçi awtoulaglaryň 21-si, nobatçy awtoulaglaryň 29-sy şeýle möhüm işiň bökdençsiz bolmagyny üpjün eder.

Ähli babatda abat we ykjam, ýüküni özi düşürýän awtoulaglaryň 2 müňden gowragyny şu ýyl galla daşamaga çekmek göz öňünde tutulýar. Olaryň sürüjilerine degişli resminamalar we tapawutlandyryş belgileri berildi. Hasyly kärhanalaryň 35-sinde kabul etmek göz öňünde tutulýar. Olaryň ählisi elektron tereziler bilen üpjün edildi. Galla kabul edilýän kärhanalaryň ählisinde bugdaýyň hilini kesgitleýji barlaghanalar işlär. Olar iň kämil anyklaýyş enjamlarydyr gurallary bilen üpjün edildi.

«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, möwsümde etraplaryň medeniýet we sungat ussatlary özleriniň aýdym-sazly çykyşlary bilen gallaçylara ruhy goldaw bererler. Jemgyýetçilik guramalary öňdebaryjy kombaýnçylary, sürüjileri we kärendeçileri höweslendirmek işlerini alyp bararlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň