Türkmen wekiliýeti BMG-niň Jenaýatyň öňüni almak we adyl kazyýet boýunça geňeşiniň 32-nji sessiýasyna gatnaşýar

21:1624.05.2023
0
20613

Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Birleşen Milletler Guramasynyň Jenaýatyň öňüni almak we adyl kazyýet boýunça geňeşiniň (CCPCJ) 32-nji sessiýasyna gatnaşýar. Sessiýa 22-nji maýda açyldy, ol 26-njy maýyna çenli dowam eder.

Geňeşiň bu ýylky sessiýasy «Adyl kazyýete elýeterliligi üpjün etmek hem-de howpsuz we goragly jemgyýeti gurmak maksady bilen Adyl kazyýet ulgamynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak» diýen şygar bilen geçirilýär.

Sesssiýanyň açylyşynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň başlygy jenap Çaba Körýöşi, Ykdysady we durmuş geňeşiniň başlygy hanym Luçezar Stoýewa, Neşe we jenaýatçylyk müdirliginiň ýerine ýetiriji sekretary hanym Gada Wali hem-de CCPCJ-iň 32-nji sessiýasynyň başlygy hanym Mary Mugwanýa çykyş etdiler.

BMG-niň bu düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary jenaýatçylyga garşy göreş boýunça ählumumy tagallalaryň ösmeginde Jenaýatyň öňüni almak we adyl kazyýet boýunça geňeşiniň wajyp ornunyň bardygyny bellediler. Şol bir wagtyň özünde çykyşlarda Durnukly ösüş maksatlarynyň 16-njy maksadyna we ondan gelip çykýan wezipelere ýokary derejede üns berildi.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Rahim Ataýew öz çykyşynda transmilli jenaýatçylyga garşy göreş boýunça halkara we sebitleýin hyzmatdaşlygyň işjeň ilerlemegine Türkmenistanyň oňyn goşandynyň bardygyna gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda guramaçylykly jenaýatyň ähli görnüşleriniň ýok edilmegi boýunça anyk maksatlara gönükdirilen işler alnyp barylýar. Terrorçylyk, adam söwdasy, korrupsiýa, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygy ýaly guramaçylykly jenaýatlara garşy gönükdirilen milli maksatnamalaryň kabul edilmegi muňa mysal bolup durýar.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň BMG-niň transmilli guramaçylykly jenaýata garşy Konwensiýasyna we onuň protokollaryna gatnaşyjy döwlet hökmünde bu resminamalaryň kadalarynyň ýerine ýetirilmegi boýunça syn geçirmek işine gatnaşýandygy nygtaldy. Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň bu syny geçirmek işinde türkmen tarapyndan utgaşdyryjy bolup çykyş edýändigi we bu babatda işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýandygy nygtaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň