«Iş Nokady» bilen «Coddy» programmirleme mekdebi bilelikde okuwçylary 3D-modelirleme başarnyklaryny özleşdirmäge çagyrýar

15:2924.05.2023
0
35244

«Coddy» çagalaryň halkara programmirleme mekdebi ýygjam hyzmatdaşy bolan Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiniň 5 — 8-nji synp okuwçylaryny «Pythonda oýunlary we çat-botlary döretmek» ugry boýunça başlangyç okuwlaryna çagyrdy.

Sapaklaryň dowamynda okuwçylar grafiki dizaýnyň esaslaryny, Blender programmasynda 3D modelirlemegi, şeýle hem ilkinji özbaşdak kodlaryny ýazmagy başaran Python programmirleme diliniň esaslaryny noldan başlap öwrendiler. Bu okuwlary geçen okuwçylara degişli şahadatnamalar gowşuryldy.

Şunuň bilen baglylykda, «Coddy» çagalaryň halkara programmirleme mekdebi mekdep okuwçylaryna we ene-atalara şu görkezilen ugurlar boýunça okuwlara kabul edişligiň dowam edýändigini ýatladýar:

  • «Minecraft»: emeli aň bilen tanyşlyk;
  • «Pythonda» oýunlary we çat-botlary döretmek;
  • «Blenderde» oýun 3D modelirlemesi;
  • «CS 50» Garward okuwy;
  • «Unity 3D»;
  • «Roblox Studioda» oýunlary döretmek.

Çagaňyzy «Coddy» çagalaryň halkara programmirleme mekdebiniň okuwlaryna ýazdyrjak bolsaňyz degişli formany dolduryp ýa-da şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz: (+993 63) 42 67 51 we (+993 63) 47 11 92.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň