Soňky habarlar

Arhiw

ÝUNISEF we Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi «Ýartygulak we onuň dostlary» atly kitaby neşir etdi

12:3121.05.2023
0
36044

Türkmenistanda 4 ýaşdan 10 ýaşa çenli çagalara niýetlenen «Ýartygulak we onuň dostlary» atly kitap neşir edildi. Täze neşir çagalara kiçilikden sagdyn pikirleniş endiklerini ösdürmäge ýardam eder.

Kitap ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bilelikdäki tagallalary netijesinde neşir edildi.

Ýartygulak — türkmen halk ertekisiniň meşhur gahrymany. Ol we onuň dostlary çagalary interaktiw oýunlaryň, reňklenilýän sahypalaryň, tapmaçalaryň üsti bilen sagdyn durmuş ýörelgesine gyzyklandyrýarlar. Esasan çagalar üçin döredilen bu gyzykly kitapdan dürli ýaşdaky adamlar hem kiçijik gahrymanyň we onuň dostlarynyň gymmatly maslahatlaryndan peýdalanyp biler.

Kitaby Türkmenistanda ÝUNISEF-niň web sahypasynda türkmen we rus dillerinde göçürip alyp bilersiňiz.

ÝUNISEF-niň Metbugat gullugy kitabyň Türkmenistanyň Hökümeti we Bütindünýä banky tarapyndan maliýeleşdirilendigini belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň