Soňky habarlar

Arhiw

«Hermitage Home Interiors-da» kondisioner, wentilýasiýa we ýyladyş ulgamlaryny saýlamaga kömek ederler

10:0520.05.2023
0
29501

«Hermitage Home Interiors» interýer salonynda Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna ýaşaýyş, söwda we senagat jaýlary üçin kondisioner, wentilýasiýa we ýyladyş (ÝWK) ulgamlaryny saýlamaga kömek ederler.

«Hermitage Home Interiors» interýer salonynda bellenilişi ýaly, bu ýerde «Jaga», «Daikin» we «Zender» ýaly dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň ýokary hilli tehnologiýalary we ÝWK enjamlary hödürlenýär.

«Daikin» (Ýaponiýa) – klimat enjamlarynyň önümçiliginde ykrar edilen öňdebaryjy we täzelikçi (nowator) kompaniýa. «Daikin» korporasiýasynyň hödürleýän önümleriniň hatarynda: diwara gurlýan, kasseta, kanal, ýere we potologa gurnalýan, şeýle hem potolokdan aşakda ýerleşdirilýän kondisionerler, şeýle hem kompressor-kondensator bloklary, VRV ulgamlary, multi-split ulgamlar we beýleki kondisioner enjamlary bar. Kompaniýa çylşyrymly arhitekturasy bolan uly binalarda mikroklimat görkezijilerine gözegçilik etmek üçin döredilen VRV ulgamyny esaslandyryjydyr. «Daikin» Ýaponiýada, Awstraliýada, Hindistanda, Günorta-Gündogar Aziýada, Ýewropada we Demirgazyk Amerikada önümçilik kärhanalaryna eýedir.

«Jaga» (Belgiýa) – Low-H2O seriýaly konwektorlary, ýylylyk wentilýatorlaryny, dizaýn-radiatorlaryny, fankoýllary, armaturlary, goşmaça enjamlary we ş.m. öndürmek boýunça Ýewropa bazarynyň öňdebaryjylarynyň biridir. Kompaniýa her ýyl 350 müňden gowrak önüm öndürýär. Kompaniýa hil, innowasiýa we dizaýn üçin köp sanly baýraklaryň we şahadatnamalaryň eýesidir.

«Zehnder» (Germaniýa) – takmynan, 130 ýyl tejribesi bolan kompaniýa iň ýokary derejeli ýyladyş enjamlarynyň önümçiligi bilen meşgullanýar. Zehnder polatdan turbaly radiatorlary, potolok ýyladyş/sowadyş ulgamlaryny, rahat wentilýasiýa ulgamlaryny, polotensa guradyjylary we dizaýn-radiatorlaryny hödürleýär. «Zehnder Group» öz iş ugry boýunça dünýäniň iň gowy kompaniýasynyň arasynda üçlüge girýär.

«Hermitage Home Interiors» salonynyň hünärmenleri, ilkinji nobatda, esasy enjamlaryň ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýän otagyň çyzgysyny jikme-jik öwrenýärler. Ondan soň ol ýa-da beýleki otag üçin ýyladyş, wentilýasiýa we kondisioner ulgamynyň iň amatly nusgalary teklip edilýär. Taslama düzülende aşakdakylar göz öňünde tutulýar:

  • binanyň we jaýyň ölçegleri;
  • otagyň niýetlenilişi;
  • taslamanyň çyzgysy we dizaýny;
  • müşderiniň islegleri.

Ýaşaýyş ýa-da harytlary saklamaga niýetlenen ýörite temperatura şertleri üçin amatly mikroklimat döretmek hem-de tehnologiki amallary ýerine ýetirmek üçin «Hermitage Home Interiors» salonynyň inženerleriniň maslahatlary zerurdyr.

Mugt maslahatlaşmak üçin «Hermitage Home Interiors» interýer salonyna şu salgy boýunça ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat, G.Kuliýew köç., 39, «Ussat» söwda merkezi.

«Hermitage Home Interiors» Ýewropanyň 60-dan gowrak mebel, hojalyk tehnikalary, yşyklandyryş ulgamlary, sanitehnika enjamlary we ş.m. öndürijileri bilen hyzmatdaşlyk saklaýar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Peýdalanylan çeşmeler: jaga-russia.ru; mob.daikin-com.ru; zehnder-international.info

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň