Taýland Patyşalygynyň Bangkok şäherinde geçirilýän BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we Durmuş Komissiýasynyň (UNESCAP) 79-njy mejlisiniň çäklerinde «Aral deňziniň Türkmenistana ýetirýän täsiri» atly ugurdaş çäresi geçirildi. Agzalan çärä BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we Durmuş Komissiýasynyň (UNESCAP) Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiah Alisjahbana, Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň UNESCAP-daky wekilleri, Komissiýanyň öňdebaryjy bilermenleri gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Surat:mfa.gov.tm
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti Aral deňziniň meseleleri we Aral krizisiniň ýetirýän zyýanly täsirlerini gowşatmak, şeýle hem Hereketleriň maksatnamasynyň çarçuwasynda Aral basseýniniň ýurtlaryna ýardam etmek boýunça Türkmenistanda döwlet derejesinde alnyp barylýan anyk işler boýunça prezentasiýa bilen çykyş etdi.
Bu çäre Aral deňziniň meseleleriniň täsirleri hakynda habarlylygy ýokarlandyrmaga gönükdirildi.