Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary Sian Jarnamasyna gol çekdiler

21:5119.05.2023
0
31152

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky birinji sammit üstünlikli geçirildi.

Sammitiň gün tertibine girizilen meseleler ara alyp maslahatlaşylandan soňra, resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitiniň Sian Jarnamasy şu duşuşygyň möhüm netijesidir. «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň çäklerinde ylalaşmalaryň we başlangyçlaryň sanawynyň kabul edilmegi hem möhüm ädim boldy. Onda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň gurallary we esaslary bellenildi.

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda alty döwletiň arasynda senagat, maýa goýum babatda hyzmatdaşlygy, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek, sanly söwda babatynda, infrastruktura we inžener gurluşyk, weterinariýa hem-de getirilende we alnyp gidilende ösümlikleriň karantini babatda tehniki hyzmatdaşlyk, işewürler geňeşini döretmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamalar, şeýle hem «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynda gümrük edaralarynyň duşuşyklarynyň mehanizmini döretmek barada Düzgünnama bar.

Soňra HHR-iň Başlygy Si Szinpin, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlendi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň