Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk kabul edişligine gatnaşdy

22:5718.05.2023
0
26282
Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk kabul edişligine gatnaşdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk kabul edişligi geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçileri we halkara guramalaryň ýurtdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen söhbetdeş boldy. Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň durmuşyndaky ajaýyp wakalara, şol sanda iri döwlet baýramçylyklaryna we beýleki möhüm çärelere gatnaşyp, türkmen halkynyň şatlygyny paýlaşýandyklary üçin olara minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de ajaýyp goşa baýramçylyk bilen gutlap, hemmelere berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny we işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçileri hem-de halkara guramalaryň ýurtdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary Halk Maslahatynyň Başlygyny we Türkmenistanyň Prezidentini, şeýle-de ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.

***

Şeýle-de şu gün Aşgabatdaky Mejlisler merkezinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli, ýurduň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti geçirildi. Ol şanly sene mynasybetli geçirilen baýramçylyk çäreleriniň iň şowhunlylarynyň biri boldy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ýurduň ähli welaýatlarynda-da giňden bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň