Soňky habarlar

Arhiw

«Hekem» hususy kärhanasy baýramçylyk aksiýasyny geçirýär

09:1818.05.2023
0
17251

19-njy maýda «Hekem» HK-niň hünärmenleri gozgalýan we gozgalmaýan emläge baha bermek, hökmany we meýletin audit, şeýle hem gozgalmaýan emlägi satyn almak-satmak we kärendesine bermek bilen baglanyşykly meseleler boýunça ähli isleg bildirýänler üçin tölegsiz esasda maslahat beriş çärelerini geçirerler.

«Hekemiň» 20 ýyldan gowrak iş tejribesi bolan ýokary hünär derejeli hünärmenleri iň çylşyrymly ýagdaýlardan baş alyp çykmaga kömek ederler we olar bilen baglanyşykly ýüze çykýan meseleleri çözmek üçin anyk teklipleri bererler.

Aksiýa Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilýär.

Tölegsiz esasda maslahat beriş çäreleri 09:00-dan 18:00 aralygynda şu salgyda geçiriler: Aşgabat ş., 10 Ýyl Abadançlyk (öňki Moskowskaýa köçesi), «Altyn Asyr» söwda merkezi.

Maslahata ýazylmak üçin şu belgä ýüz tutup bilersiňiz: (+993 62) 00 70 70.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň