«Hekem Audit» HK täze hyzmaty – işewürlik üçin buhgalteriýa hasabatyny işe girizýär

10:1328.04.2023
0
31099

«Hekem» kompaniýasynyň kärhanalar toparynyň düzümine girýän «Hekem Audit» HK täze hyzmat – fiziki we ýuridiki şahslar üçin buhgalteriýa hasabaty barada habar berýär.

«Hekem Audit» HK-niň hünärmenlerine ýüz tutmak bilen, buhgalteriýa amallary we buhgalteriýa hasabatynyň guramaçylygyna maglumat tehnologiýalaryny girizmek boýunça, şeýle hem salgyt salma we salgyt hasabaty bilen baglanyşykly meseleler boýunça professional derejeli maslahat almak mümkindir.

Müşderiler buhgalteriýa hasabatyny ýöretmek we gaýtadan dikeltmek, hasabat syýasatyny kesgitlemek, maliýe we statistika hasabatlaryny düzmek hem-de bermek, zähmet hakyny hasaplamak, başlangyç resminamalary we kassa amallaryny gaýtadan işlemek boýunça şertnama baglaşyp bilerler.

Kärhananyň bu ulgamda baý tejribesi bolan hünärmenlerine ýüz tutmak birnäçe möhüm aýratynlyklara eýe bolmaga kömek eder: gönüden-göni girdeji getirýän amallarda ünsüňi jemlemek mümkinçiligi, guramaçylyk-tehnika serişdelerine, kanselýariýa harytlaryna we iş orunlaryna çykdajylary azaltmak, maliýe serişdelerini we wagty tygşytlamak, kesel, zähmet rugsady ýa-da buhgalteriň işden çykmagy zerarly işiň durmak töwekgelçiligini peseltmek.

«Hekem Audit» müşderilerine hususy çemeleşme we berilýän maglumatlaryň gizlinligini saklamak boýunça kepillik berýär.

Ýatlatsak, «Hekem» kärhanalarynyň hödürleýän hyzmatlary şulary öz içine alýar:

  • audit hyzmaty;
  • emläklere baha bermek;
  • gozgalmaýan emläkleri satyn almak/satmak;
  • resminamalaryň terjimesi;
  • hyzmatlary kanuny taýdan goldamak.

«Hekem Audit» HK-niň hem-de «Hekem» kompaniýalar toparynyň beýleki kärhanalarynyň hödürleýän hyzmatlary barada has anyk maglumatlary hekem.com.tm saýtyndan alyp bilersiňiz. Mugt maslahat almak üçin telefon belgisi: (+993 12) 47 81 15, (+993 12) 47 82 54.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň