Top.Mail.Ru

«Hekem» kompaniýasy ýokary hilli terjimeçilik hyzmatlaryny ýerine ýetirýär

09:4802.11.2022
0
16674

«Hekem» kompaniýasy eýýäm 10 ýyldan gowrak wagt bäri müşderilere terjimeçilik hyzmatlaryny ýetirmek bilen, bu ugurda Türkmenistanyň öňdebaryjy kärhanalarynyň biri bolup durýar.

«Hekem» hem-de «Adyl Hekem» terjimeçilik merkezinde tejribeli redaktorlar we terjimeçiler zähmet çekýär. Kärhana rezident däl kompaniýalara, hususy kärhanalara, şeýle-de ýurduň çäginde we daşary ýurtlar bilen giň ykdysady hyzmatdaşlygy alyp barýan telekeçilere şertnamalaýyn esasda dilden hem-de ýazuw görnüşinde terjimeçilik hyzmatlaryny ýetirýär.

Müşderiler resminamalaryň we beýleki materiallaryň ýazuw terjimesini sargyt edip, şunuň bilen birlikde hem olary tassyklamak işlerinden peýdalanyp bilerler. Bu hyzmatlarda maglumatlaryň goraglylygy, töleg etmegiň amatly görnüşi we terjimeleriň dessine ýerine ýetirilip berilmegi kepillendirilýär.

Terjimeler üçin sargytlar adaty görnüşde hem-de 24/7 iş tertibinde onlaýn kabul edilýär.

Sargydy ýola goýmakda we terjime etdiriljek resminamalary hekemtjm@gmail.com elektron poçta salgysyna ibermeli. Ýerine ýetirilýän işleriň tölegi nagt hem-de nagt däl görnüşde kabul edilýär.

Mälim bolşy ýaly, terjimeçilik işi köp asyrlardan dowam edip gelýän, iň bir isleg bildirilýän işdir. Häzirki geçirilen barlaglaryň netijelerine laýyklykda, şu günki günde dünýä dilleriniň sany 2500-den 50 000-e çenli diýlip çaklanylýar. Terjimeler halkara diplomatik gatnaşyklarynda, ýurtlaryň we halklaryň hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde hem-de milli dilde we edebiýatda örän uly orny eýeleýär. Bu günki günde terjimeçilik gatnaşyklary adamzat jemgyýetiniň ähli ugurlarynda öz beýanyny tapýar.

Terjime hyzmatlary babatda «Hekem» kärhanalar topary bilen şertnama baglaşmak üçin salgylar:

  • Aşgabat ş., 10 ýyl abadançylyk köçesi, 98-nji jaý;
  • Telefon belgileri: (+993 12) 47 82 54, (+993 12) 47 81 15, (+993 12) 47 88 52, (+993 61) 57 40 72.

Elektron poçta salgysy: blbatyal59@inbox.ru; hekemtjm@gmail.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň