Soňky habarlar

Arhiw

«Hekem» kärhanalar topary boş iş orny barada habar berýär

11:1127.04.2023
0
43874

«Hekem» kompaniýasy gozgalmaýan emläkler boýunça agent wezipesine boş iş orny barada habar berýär.

Dalaşgärler hukuk, ykdysadyýet we maliýe, dolandyryş ýa-da inžener-tehniki bilimleri boýunça başarnyklaryny tassyklaýan ýokary bilim hakyndaky şahadatnamasyny bermeli.

Şol bir wagtyň özünde, hünär boýunça iň az (bir ýyldan az bolmadyk) iş tejribesi bolmalydyr.

Iş tertibi – doly iş güni. Zähmet haky – ylalaşyga görä, göterim hasabynda 70/30. Işgärler her bir üstünlikli geleşik üçin komissiýanyň ýokary göterimini alyp bilerler. Şeýle hem her bäşinji geleşik üçin goşmaça bonus berilýär.

Boş iş orunlary we işe ýerleşmegiň şertleri barada goşmaça maglumatlary şu salgydan alyp bilersiňiz: Aşgabat, 10 Ýyl Abadançylyk (öňki Moskowskaýa) köç., «Altyn Asyr» söwda merkezi, 3-nji gat.

Habarlaşmak üçin maglumatlary:

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň