TÝL ― 2023: «Nebitçi» «Ahaly» minimal hasap bilen ýeňdi

21:5917.05.2023
0
16619

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 7-nji tapgyrynda «Nebitçi» «Ahaly» kabul etdi. Balkanabat şäherindäki 10 müň orunlyk Sport toplumynda geçirilen duşuşyk ýer eýeleriniň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini «Nebitçiniň» goragçysy Begli Meredow 7-nji minutda geçirdi.

Şeýlelikde, «Ahal» möwsümde ýedinji duşuşygynda asgyn geldi. 3 utukly topar ýaryş tertibinde sekizinji orny eýeleýär. 11 utukly «Nebitçi» bolsa ýaryşyň dördünji basgançagynda barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň