TÝL ― 2023: «Şagadam» bilen «Merw» deňme-deň oýnady

22:3017.05.2023
0
18922

«Şagadam» 7-nji tapgyrda Marynyň «Merwini» kabul etdi. Türkmenbaşy şäherinde geçirilen duşuşyk 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Bu deňlikden soň «Merw» utugyny 5-e, «Şagadam» bolsa 4-e çykardy. Indi ýaryş tertibinde «Merw» altynjy, «Şagadam» ýedinji orny eýeleýär.

Şu gün «Arkadag» futbol toparynyň myhmançylykda «Energetigi», «Altyn asyryň» hem myhmançylykda «Aşgabady» 1:0 hasabynda ýeňendigini ýatladýarys. «Nebitçi» bolsa öz meýdanynda «Ahaldan» 1:0 hasabynda üstün çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň