Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy türk raýatlaryny Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ses bermäge çagyrdy

21:1917.05.2023
0
14003

Türk ilçihanasy saýlawçy hökmünde hasaba alnan Türkmenistandaky öz raýatlaryny Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ses bermäge çagyrdy.

Türkiýäniň ilçihanasynyň «Twitterde» çap edilen habarynda bellenişi ýaly, Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyryna ses bermek tertibi 20-nji we 21-nji maýda 08:00-dan 22:00-a çenli ilçihananyň binasynda geçiriler.

Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň salgysy: Görogly köçesiniň 9-njy jaýy.

Belläp geçsek, Prezidentlige dalaşgärleriň hiç biri 14-nji maýda Türkiýede geçirilen saýlawlarda saýlawçylaryň seslerini 50%-den artyk alyp bilmediler.

Türkiýäniň häzirki Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan ses 100 göterim sanalandan soň soň 49,35 göterim ses aldy. Kemal Kylyçdarogly saýlawçylaryň 45 göterimi tarapyndan goldanyldy. Birinji tapgyrda ýeňiş gazanmak üçin dalaşgärleriň haýsy hem bolsa biri 50 göterimden köp ses almalydy. Şeýlelik bilen, ýurtda saýlawlaryň ikinji tapgyry üçin ses berişlik 28-nji maýda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň