Hytaý we Merkezi Aziýa ýurtlary Işewürler geňeşini döreder

17:5017.05.2023
0
38669

Hytaý hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, Işewürler geňeşiniň döredilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada «Sinhua» habarlar gullugy Hytaýyň Halkara söwdany ösdürmek komitetiniň wekiline salgylanyp habar berdi.

Işewürler geňeşini döretmek dabarasynyň 18-19-njy maýda Sian şäherinde geçiriljek «Hytaý — Merkezi Aziýa» sammitiniň çäginde boljakdygy bellenilýär.

Habarda dabaralara energiýa, gurluşyk, logistika, azyk, maglumat we aragatnaşyk ýaly esasy ugurlary öz içine alýan pudak birleşikleridir kärhanalarynyň 400-den gowrak wekiliniň gatnaşjakdygy aýdylýar.

Ozal habar berşimiz ýaly, HHR-iň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýörite wekili, HHR-iň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Ma Çžaosýuý Serdar Berdimuhamedowa Si Szinpiniň «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmaga iberen çakylygyny gowşurdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň