Soňky habarlar

Arhiw

Si Szinpin Serdar Berdimuhamedowy «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmaga çagyrýar

22:1413.05.2023
0
33720

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýörite wekili, HHR-iň daşary işler ministriniň birinji orunbasary (ministr derejesinde) Ma Çžaosýuýy kabul etdi.

HHR-iň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýörite wekili, HHR-iň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Ma Çžaosýuý wagt tapyp kabul edendigi hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, Serdar Berdimuhamedowa Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny ýetirdi hem-de şu ýylyň 18-19-njy maýynda geçiriljek «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmaga iberen çakylygyny gowşurdy. Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow bu Sammite gatnaşmak üçin gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşylýandygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Hytaýda Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň, şol sanda «Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşinde mundan beýläk-de ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler ýolunda ýurduň gazanýan üstünliklerine uly buýsanç bilen garalýar.

«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşirinde berilýän habara görä, Prezident Serdar Berdimuhamedow myhmany gadymy türkmen topragynda mähirli mübärekläp, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, häzirki wagtda täze many-mazmuna eýe bolýan Hytaý bilen gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmeginiň hem-de pugtalandyrylmagynyň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Türkmen-hytaý gatnaşyklarynda Merkezi Aziýa möhüm ornuň degişlidigini belläp, Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa + Hytaý» sammitine gatnaşmaga çakylyk üçin HHR-iň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we mümkinçiliklerini hasaba almak bilen, özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly kuwwata eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşmalar boldy.

Türkmenistan we Hytaý Halk Respublikasy oňyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmek bilen söwda-ykdysady ulgamda, ýangyç-energetika toplumy ýaly we beýleki pudaklaryň ileri tutulýan ugurlarynda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler, bu ugurlarda bar bolan kuwwatlyklary hasaba almak bilen, umumy tagallalaryň birleşdirilmegi has netijeli hasap edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň