Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň II oýunlary üçin Belarus Respublikasyna wizasyz kabul ediler

15:5514.05.2023
0
21724

GDA döwletleriniň II Oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň wekiliýeti Belarus Respublikasynyň çäklerine wizasyz girip biler. Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko şenbe güni 2023-nji ýylda GDA döwletleriniň II oýunlaryna taýýarlyk görmek we geçirmek» barada Karara gol çekdi.

Kararda bellenilişine görä, Oýunlara gatnaşjak sport wekiliýetleri we meýletinçiler Belarus Respublikasyna wizasyz girip bilerler.Şeýle hem olar Oýunlaryň dowamynda jemgyýetçilik ulaglaryndan mugt peýdalanmak mümkinçiligine eýe bolarlar. Iýmit, ulag we beýleki serişdeler bilen mugt üpjün ediljek wekiliýetler käbir salgytlardan hem boşadylar.

Oýunlaryň 5 ― 13-nji awgust aralygynda Belarusyň 11 şäherinde geçiriljekdigini ýatladýarys. Sportuň woleýbol, çeper gimnastika, ýeňil atletika, 3х3 basketbol, boks, suwda ýüzmek ýaly görnüşleri boýunça geçiriljek Oýunlara GDA agza döwletlerden başga-da, Siriýanyň, Eýranyň, Müsüriň, Saud Arabystanynyň, Hytaýyň, Malaýziýanyň, Liwanyň, BAE-niň, Wýetnamyň we Kubanyň sport wekiliýetleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň