Soňky habarlar

Arhiw

Iki gezek dünýä çempiony Reza Ýezdani erkin göreş boýunça Türkmenistanyň ýygyndysyna tälim berer

15:0413.05.2023
0
38996

Eýranly Reza Ýezdani erkin göreş boýunça Türkmenistanyň ýygyndysynyň baş tälimçiligine bellnildi diýip, Orient Türkmenistanyň Sport göreşi federasiýasyna salgylanyp, habar berýär.

Täze tälimçi eýýäm milli ýygyndy topar bilen tanyşdy. Oňa ýygyndy topary türgenleşdirmekde Asgar Bazeri hem-de Mansur Ispailpur ýardam ederler.

Ýezdani öz kömekçileri bilen bilelikde ýygyndy topary öňdäki halkara ýaryşlara, şol sanda Hançjouda 2023-nji ýylda Hançjouda geçiriljek tomsuky Aziýa oýunlaryna hem-de 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň saýlama tapgyryna taýýarlar.

Maglumat üçin, Reza Ýezdani 1984-nji ýylda Eýranyň Mazendaran welaýatynyň Jubaýr şäherinde dogulýar. Ol erkin göreş boýunça iki gezek dünýäniň (2011 we 2013) üç gezek Aziýa oýunlarynyň (2006, 2010, 2014) we Aziýanyň (2010, 2016, 2019) çempionydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň