Soňky habarlar

Arhiw

Turkmenportal mobil goşundysy täzelendi

17:2811.05.2023
0
41854

Android we iOS operasiýon ulgamynda işleýän smartfonlar üçin Turkmenportal mobil goşundysynyň täzelenen wersiýasy elýeterli boldy.

Mobil goşundynyň täzelenen wersiýasynda onuň durnukly işleýşi we tizligi ýokarlandyryldy, ownuk kemçilikler düzedildi hem-de belli bir derejede interfeýsi täzelenildi. Işläp düzüjiler ähli mobil platformalaryň soňky aýratynlyklaryny goşmak arkaly Turkmenportal mobil goşundysyny ulanmak üçin has amatly derejä çykarmaga synanyşdylar.

Turkmenportal mobil goşundysynyň ilkinji wersiýasy mundan iki ýyl ozal, ýagny 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda çykarylypdy. Mobil goşundy ulanyjylara gyssagly täzeliklerden ilkinji bolup habar tapmaga, dünýädäki möhüm wakalardan habarly bolmaga hem-de temalardaky foto we wideo reportažlara tomaşa etmäge mümkinçilik berýär. Ondaky täzelikler gije-gündiziň dowamynda täzelenip durulýar, şonuň üçin hem ulanyjy günüň islendik wagtynda syýasat, jemgyýet, awto, ykdysadyýet, sport, medeniýet, bilim we birnäçe beýleki temalardan doly we täze habarlary alyp bilýär.

Hiç bir habary duşuňyzdan geçirmezlik üçin mobil goşundydaky push-duýduryşy açyp goýmak ýeterlik. Şeýlelikde, size günüň dowamynda bilmegiňiz zerur bolan habarlar barada birnäçe duýduryşlar iberiler.

Mobil goşundy türkmen, rus we iňlis dillerinde elýeterlidir.

Turkmenportal mobil goşundysynyň App Store-däki ortaça reýtingi 4,7 Google Play-däki ortaça reýtingi bolsa 4,6 ýyldyza deň. Häzire çenli mobil goşundy Android operasiýon ulgamynda işleýän smartfonlar tarapyndan 100 müňden gowrak gezek ýüklenildi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň