2023-nji ýylyň güýzünde Türkmenistan «Ýewropa-Kawkaz-Aziýa» ulag geçelgesini gurmak boýunça Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaş ýurtlaryň arasyndaky Halkara hyzmatdaşlyk maksatnamasy bolan TRASEKA goşular.
Bu barada maksatnamanyň Hökümetara toparynyň hemişelik sekretariatynyň baş sekretary Aset Asawbaýew mälim etdi diýip, «Trend.az» habar berdi. Hususan-da, Baş sekretar Türkmenistanyň bu maksatnama kanuny nukdaýnazardan goşulmagy boýunça işleriň tamamlandygyny aýtdy.
«TRASEKA agza ýurtlaryň hemmesi Türkmenistany gurama kabul etmäge taýýardyklaryny aýtdylar» diýip, Asawbaýew belledi.
A.Asawbaýew TRASEKA goşulmak bilen, Türkmenistanyň ulag pudagynyň ösüşini, şeýle hem ýük gatnawlaryny sanlylaşdyrmak işini çaltlaşdyryp biljekdigini aýtdy. Mundan başga-da, Türkmenistan TRASEKA agza 13 ýurda aňsat girip-çykmaga mümkinçilik alar.
«Öz gezeginde Merkezi Aziýa ýurtlarynda ulag ösüşi üçin täze mümkinçilikler açylar» diýip, baş sekretar belleýär.
Mundan ozal, Aşababatda geçirilen halkara ulag forumynda eden çykyşynda A.Asawbaýewiň TRASEKA-nyň hemişelik sekretariatynyň Türkmenistana zerur goldaw bermäge taýýardygyny mälim edendigini habar beripdik.