Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny hormatlamak çäresi geçirildi

12:3406.05.2023
0
37843

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, şu gün, Beýik Ýeňiş gününiň öňüsyrasynda, Aşgabatda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny hormatlamak çäresi geçirildi.

Çärä Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň we ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna hem-de bu ýowuz urşa gatnaşan esgerleriň yzynda galan, tylda zähmet çeken zenanlara döwlet Baştutanynyň adyndan 200 manat möçberinde pul we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Bu ýerde çykyş edenler görkezen edermenligi, gahrymançylykly işleri hem-de häzirki döwürde ýaş nesli terbiýelemekde bitirýän hyzmatlary üçin 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna minnetdarlyk bildirip, olara hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdiler.

Sungat ussatlary Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna sowgat hökmünde olaryň halaýan aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.

Şeýle çäreler şu günler Türkmenistanyň ähli sebitlerinde-de geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň