Welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleri 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 200 manat möçberde pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmaga borçly edildi. Bu baradaky Permana Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün — 3-nji maýda gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, resminama 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly eneleriň görkezen nusgalyk edermenligini hormatlap, olaryň ýaş nesilleri watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde we halkyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerini, ýurtda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli kabul edildi.