Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat forumynyň jemleri boýunça metbugat maslahaty geçirildi

10:1705.05.2023
0
35182

4-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahatyň jemlerine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bellenilişi ýaly, 3-4-nji maýda Aşgabatda geçirilen halkara maslahata dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan wekiller gatnaşdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan metbugat maslahatyna milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Onuň dowamynda halkara maslahatyň işine gatnaşan ähli wekiliýetlere hoşallyk bildirilip, Aşgabatda geçirilen forumyň ähmiýetiniň örän uludygy bellenildi.

Şeýle-de, nygtalyşy ýaly, Türkmenistan ulag boýunça halkara konwensiýalaryň 12-sine gatnaşýar. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Durnukly ulag boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi hem-de ol türkmen paýtagtynda üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda köptaraplaýyn ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin möhüm Kararnamalary kabul etdi. 2022-nji ýylda Aşgabatda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş» atly birinji forum geçirildi. Şeýle hem geçen ýyl Türkmenistanda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň maslahaty guraldy.

Aşgabat forumynyň çäklerinde, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, ikitaraplaýyn duşuşyklaryň 100-e golaýy geçirildi we ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn resminamalaryň 26-syna gol çekildi.

Işewürlik duşuşyklarynyň geçirilmegi geljekki hyzmatdaşlaryň halkara gatnawlary babatynda täze maýa goýum mümkinçilikleri barada maglumatlar bilen tanyşmaga, uzak möhletleýin we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin geljegi uly ugurlary kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Şeýle hem foruma gatnaşyjylar birnäçe ugurdaş ulgamlarda öňdebaryjy iş tejribesi bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Aýry-aýry ugurlar boýunça geçirilen mejlisleriň çäklerinde ählumumy ulag-logistika ulgamynyň öňünde durýan täze wehimler bilen baglanyşykly meselelere, şeýle hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin açylýan mümkinçiliklere garaldy. Mundan başga-da, Türkmenistanyň multimodal üstaşyr merkezi, ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylýan şertlerinde ulag-logistika hyzmatlary bazaryny özgertmek, Merkezi Aziýanyň ählumumy bazar bilen gatnaşyklary, ulag-logistika düzümini ösdürmekde döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň orny, şeýle hem ulag-kommunikasiýa toplumyny ösdürmekde ylmyň we bilimiň orny bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Umuman, Türkmenistanyň Prezidentiniň goldaw bermeginde Aşgabatda geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahat we sergi ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, ösüşiň bähbidine durnukly ulag ulgamynda netijeli sebit hem-de ählumumy hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine uly goşant boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň