Soňky habarlar

Arhiw

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi maşgala zorlugynyň pidalaryna kömek bermek taslamasyny durmuşa geçirer

12:2404.05.2023
0
20117

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi «Maşgala zorluklaryndan habarlylygy ýokarlandyrmak we maşgala zorlugynyň pidalaryna kömek bermek» taslamasyny durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär. Şunuň bilen baglylykda, Merkez bu taslamany durmuşa geçirip biljek hyzmatdaşlaryň teklipleriniň kabul ediljekdigini habar berýär.

Dalaşgärler öz arzalaryny iňlis ýa-da rus dillerinde bermeli. El bilen ýazylan arzalar kabul edilmeýär. Tehniki we maliýe teklibini öz içine alýan arzalar aýratyn PDF faýllarynda Tenders-TM@osce.org salgysyna ýerli wagt bilen 2023-nji ýylyň 23-nji maýyndan gijä galman ugradylmalydyr.

Degişli resminamalary almak üçin ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezine arm@osce.org elektron poçta salgysynyň üsti bilen ýazmaça ýüz tutmalydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň