Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen halkynyň Milli Lideri türk Liderine hat ýollady

22:1901.05.2023
0
29164
Türkmen halkynyň Milli Lideri türk Liderine hat ýollady
Surat: tdh.gov.tm

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana iberen hatynda Türkmenistana we onuň halkyna hakyky dostluk gatnaşygy üçin hormatyny we minnetdarlygyny beýan edip, türk Lideriniň tiz sagalandygy we Türkiýanyň gülläp ösmegi ugrundaky döwlet işini dowam edýändigi baradaky habary ýakymly duýgular bilen kabul edendigini belledi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

— Özüňize mahsus bolan ýokary ruhubelentligiňiz we maksada okgunlylygyňyz bilen, Siz häzirki zamanyň ýalkymly syýasy işgäri hökmünde bütin dünýä meşhursyňyz. Bu häsiýetleriňiziň berk saglygyňyz bilen birlikde mundan beýläk-de halkara parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga gönükdirilen giň gerimli meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça Siziň köptaraply işiňiz üçin binýat boljakdygyna ynanýaryn — diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow hatynda belleýär.

«Goý, Gudraty Güýçli Allatagala Size berk jan saglyk hem-de Türkiýäniň doganlyk halkynyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň hatyrasyna parasatly we ýadawsyz işiňizde hemaýat bersin!» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine ýollan hatynda ýazdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň