Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady

13:5930.04.2023
0
30743
Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanda şanly baýram — Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenilýär. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we mähriban halkyna Gutlag iberdi. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki — baýramçylyk sanynda çap edilen Gutlagda döwlet Baştutany:

— Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda behişdi bedewlerimiziň şanyna giňden hem-de uly dabara bilen bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size türkmen bedewlerini ösdürip ýetişdirmek, atşynaslyk sungatyny kämilleşdirmek ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmen halkynyň durmuşynda ýelden ýüwrük gamyşgulak bedewlerimiz aýratyn orny eýeleýär. Dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz halkymyzyň genji-hazynasydyr we milli mirasydyr. Milli buýsançlarymyzyň biri bolan arassa ganly bedewler gaýduwsyz türkmen ýigitleriniň ýakyn ýoldaşy, kyn gününde syrdaşy bolupdyr. Ahalteke bedewleri özüniň owadanlygy, gylyk-häsiýeti, düşbüligi bilen giňden tanalypdyr — diýip belleýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bagtyýar türkmen halkyna buýsanara, guwanara zat kän. Ata-babalaryň döreden maddy gymmatlyklarynyň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan türkmen bedewleri halkyň buýsanjydyr. Ahalteke bedewleri behişde mynasyp görülýän, gyzdan gylykly, gözelligiň nusgasydyr. Gamyşgulak bedewler halkyň gymmatly hazynasydyr. Türkmen bedewiniň şan-şöhraty bu gün dünýäni haýran galdyrýar. «Atdyr ýigidiň ganaty», «At ýaryşda, är söweşde», «At — ýigidiň ýoldaşy», «Irden tur-da ataňy gör, ataňdan soň — atyňy» diýilýän nakyllardyr pähimli sözler hem türkmen halkynyň gadymy döwürlerden bäri bedewe goýýan uly hormat-sarpasynyň nyşany bolup durýar.

«Garaşsyz Watanymyzyň atşynaslary tarapyndan ahalteke bedewlerimiziň tohum arassalygyny gorap saklamak hem-de syn-sypatyny kämilleşdirmek we baş sanyny yzygiderli artdyrmak boýunça-da uly işler alnyp barylýar. Geljekde-de ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmek, bu ugurda dünýä döwletleri bilen özara tejribe alyşmak we netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin zerur işler durmuşa geçiriler. Atşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş we iş şertlerini has-da gowulandyrmaga, döwrebap ýagdaýda guramaga döwletimiz tarapyndan geljekde-de uly goldaw berler» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlagynda nygtaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň