Soňky habarlar

Arhiw

“Altyn Asyr” üçünji aýlawy ýeňişden başlady

18:4510.08.2015
0
10816

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň üçünji aýlawynyň başlanandygyny mälim eden 19-njy tapgyr Aşgabatda, Daşoguzda we Baýramalyda geçirilen duşuşyklar bilen tamamlandy.

Türkmen paýtagtyndaky “Köpetdag” stadionynda ýurduň häzirki çempiony “Altyn Asyr” ýokary ligada ilkinji gezek çykyş edýän “Hazynany” kabul etdi.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň topary çempionatyň ikinji ýarymynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda bäş oýunçy bilen güýçlendi: “Balkandan” goragçy Nurtagan Mämmedalyýew we ýarym goragçy Güýçmyrat Annagulyýew, “Ahaldan” ýarym goragçylar Gurban Annaýew hem Berdimyrat Rejepow, şeýle hem geçen möwsümde Ispaniýanyň sebit ligasynyň “Kasablanka” toparynda çykyş eden hüjümçi Batyrgylyç Berdiýew geldi. Möwsümiň ikinji ýarymyna taýýarlygyň çäklerinde Ahmet Agamyradowyň şägirtleri Aşgabatda üç ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdiler. Olaryň ikiside: “Köpetdag” bilen 4:1, “Köpetdag-2” bilen 11:0 hasaplarynda ýeňiş gazandy, HTTU bilen bolsa deň oýnady — 2:2.

Öz garşydaşyndan tapawutlylykda, “Altyn Asyr” okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny Türkiýede geçdi. Ol ýerde Ispaniýanyň, Türkiýäniň toparlarynyň garşysyna birnäçe ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.

Birinji ýarym “Altyn Asyryň” peýdasyna tamamlandy, Süleýman Muhadow iki gezek tapawutlandy. Indi bu hüjümçiniň geçiren pökgüleriniň sany 18-e ýetdi we ol bu görkeziji boýunça netijeli hüjümçileriň sanawynda öňdäki orunda barýan “Balkanyň” oýunçysy Myrat Ýagşyýew bilen deňleşdi.

Arakesmeden soň, toparlaryň hersi bir pökgi geçirdi, emin tarapyndan bellenilen 11 metrlik urgulary Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oýunçylary dürs ýerine ýetirdiler. Myhmanlardan Guwanç Abylow, ýer eýelerinden milli ýygyndynyň we toparyň kapitany Ahmet Ataýew tapawutlandy.

67-nji minutda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojagulyýewiň şägirtleri azlykda galdylar. Ikinji sary petek alan Mämmet Orazmuhammedow oýundan çykaryldy. Ýöne myhmanlar mundan peýdalanyp bilmediler.

3:1 hasabynda ýeňiş gazanan “Altyn Asyr” ikinji orunda barýan “Ahal” bilen arasyndaky 10 utuk tapawudy ýene-de dikeltdiler.

Daşoguzda ýer eýeleri “Daşoguz” Türkmenbaşynyň “Şagadamyndan” 0:2 hasabynda asgyn geldi. 31-nji minutda myhmanlaryň iň netijeli hüjümçisi Hemra Amanmämmedow, 53-nji minutda bolsa Ata Geldiýew tapawutlandylar.

“Merw” bilen “Aşgabadyň” arasyndaky duşuşyk çekeleşikli häsiýetde geçdi. 47-nji minutda Ruslan Gurbanow aşgabatlylary öňe çykardy. 66-njy minutda Toýly Goçnazarow hasaby deňledi. Ýöne duşuşygyň tamamlanmagyna 6 minut galanda Boris Iwanow “Aşgabada” ýeňiş getirdi.

Şeýlelikde, “Aşgabat” medallar ugrundaky göreşi dowam etdirýär, ol üçünji orunda barýan “Balkandan” 3 utuk, dördünji orunda ýerleşen “Şagadamdan” 1 utuk yza galýar.

Nobatdaky 20-nji tapgyr 15-nji awgustda, “Hazyna” — “Balkan” we “Aşgabat” — HTTU duşuşyklary bilen başlanar.

 

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

"Altyn Asyr" – "Hazyna" – 3:1 (2:0)

9-njy awgust. Aşgabat. "Köpetdag" stadiony. 1 000 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Süleýman Muhadow 29, 39, Ahmet Ataýew 55 (11 metrlik urgudan) – Guwanç Abylow 47 (11 metrlik urgudan).

Duýduryş alanlar: Bagtyýar Hojaahmedow 22, Mämmet Orazmuhammedow 46, 67 – Döwran Orazalyýew 48

Oýundan çykarylan: Mämmet Orazmuhammedow ("Altyn Asyr") 67 (2 sary petek).

Emin: Saparmämmet Gurbanow.

Duşuşygyň inspektory: Çaryýar Ataýew.

 

"Daşoguz" – "Şagadam" – 0:2 (0:1)

9-njy awgust. Daşoguz. "Sport toplumy". 300 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Hemra Amanmämmedow 31, Ata Geldiýew 53.

Duýduryş alanlar: Hudaýguly Satyýew 53, Umyt Alamow 90+1 - Rustam Mamedow 38, Annageldi Weliýew 90.

Emin: Babanazar Haknazarow.

Duşuşygyň inspektory: Mels Işmuhammedow.

 

"Merw" – "Aşgabat" – 1:2 (0:0)

9-njy awgust. Baýramaly. "Sport desgasy". 1 000 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Toýly Goçnazarow 66 – Ruslan Gurbanow 47, Boris Iwanow 84.

Duýduryş alanlar: Rasim Gereýhanow 46, Yhlas Pälwanow 89, Ilýa Tamurkin 90+3 – Ruslan Gurbanow 47, Nazar Baýramow 57, Rahymberdi Baltaýew 90+3.

Emin: Jumamyrat Jumamyradow.

Duşuşygyň inspektory: Hudaýnazar Rejepow.

 

19-njy tapgyrdan soň toparlaryň ýerleşiş tertibi 

Iň köp pökgi geçirenler:

Süleýman Muhadow ("Altyn Asyr") – 18 pökgi.

Myrat Ýagşyýew ("Balkan") – 18 (2 – 11 metrlik urgudan).

Altymyrat Annadurdyýew ("Ahal") – 16.

Hemra Amanmämmedow ("Şagadam") – 14 (6).

--------------------------------------------------------------------

Türkmenistanyň ýokary ligasyndaky täzelikleri biziň LINE gruppamyzdan yzarlaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň