Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi

18:0526.04.2023
0
42073

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda öňe sürlen Türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi.

Mejlisiň işine ýurduň degişli ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar diýlip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa mejlisi açmak bilen, ýurtda ýaşlar syýasaty ulgamynda amala aşyrylýan giň möçberli işleriň çäklerinde ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak we olaryň mümkinçiliklerini ösdürmek, şeýle-de bu ugurda kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreleriň geçirilýändigini belledi.

Şu nukdaýnazardan, Strategiýa ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösmegine, halkara derejede dostlugyň, özara düşünişmegiň hem-de ynsanperwerlik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, şeýle hem ýaşlaryň ykdysady, medeni, ylym-bilim, sport we beýleki pudaklara has-da işjeň gatnaşmaklaryny üpjün etmäge gönükdiriler. Duşuşygyň dowamynda agzalan mesele boýunça özara pikir alyşmalar geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň