Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisini kabul etdi

21:5320.04.2023
0
44250
Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisini kabul etdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetiriji, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa, Demirgazyk we Günorta Amerika işleri boýunça kömekçisi Miroslaw Ýençany kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, diplomat wagt tapyp kabul edendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Prezident Serdar Berdimuhamedowa BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň mähirli salamyny we ähli türkmenistanlylara parahatçylyk, bagtyýarlyk hem-de rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow iň iri we abraýly guramanyň ýolbaşçysyna hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, myhmany gadymy we bereketli türkmen topragynda mübärekledi hem-de onuň şu gezekki saparynyň dowamynda Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyna umyt bildirdi.

— BMG bilen netijeli hyzmatdaşlygymyz ýurdumyzyň öňe süren sebit we ählumumy häsiýetli möhüm başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginde, dürli ulgamlarda bilelikdäki iri taslamalaryň we maksatnamalaryň amala aşyrylmagynda öz beýanyny tapýar — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Şeýle-de döwlet Baştutany Türkmenistanyň soňky ýyllarda Milletler Bileleşiginiň birnäçe komissiýalarynyň, komitetleriniň we geňeşleriniň ýolbaşçy düzümine girendigini, ençeme gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna saýlanandygyny kanagatlanma bilen belledi.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işi söhbetdeşligiň dowamynda ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Miroslaw Ýença Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşan uly şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

— Türkmenistan Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işini we başlangyçlaryny, hususan-da, sebitiň döwletleri bilen goňşy ýurtlaryň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ilerletmekde tagallalaryny doly goldaýar — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow nygtady we merkeziň işiniň mundan beýläk-de uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetiriji M.Ýença berk jan saglyk, rowaçlyk we jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň