Soňky habarlar

Arhiw

BMGÖM Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine dermanlaryň täze tapgyryny gowşurdy

17:2020.04.2023
0
41258

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine «Türkmenistanda COVID-19-a jogap» maksatnamasy boýunça satyn alnan dermanlaryň ýene bir tapgyryny gowşurdy. Bu barada BMGÖM-niň sosial ulgamlarynda habar berildi.

Umumy bahasy 30,066 ABŞ dollaryna deň bolan Asitilsistein 200 mg/ml we Flukonazol 2 mg/ml ýurduň lukmançylyk edaralaryna paýlanar.

«Türkmenistanda COVID-19-a jogap» maksatnamasy Bütindünýä banky tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Ozal Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy tarapyndan getirilen nobatdaky enjamlar barada hem habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň