Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2023: «Altyn asyr» myhmançylykda «Ahaldan» üstün çykdy

23:0019.04.2023
0
53466

Şu gün Aşgabat şäherindäki «Nusaý» stadionynda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 2-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşygy geçirildi. Onda ýurduň häzirki çempiony «Ahal» wise-çempion «Altyn asyry» kabul etdi.

«Ahal» çempion bolan möwsüminde duşuşyklaryň aglabasynda esasy bäsdeşinden rüstem gelen hem bolsa, bu gezek utulyşdan halas bolup bilmedi. «Altyn asyr» duşuşygyň 37-nji minudynda Wahyt Orazsähedowyň geçiren goly bilen öňe saýlandy. Hatda, duşuşygyň birinji ýarymy «aragatnaşykçylaryň» 1:0 hasabyndaky öňdeligi bilen tamamlandy.

72-nji minutda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri ýer eýeleriniň derwezesinden ýene bir pökgi geçirdiler. Bu gezek sahna Myrat Annaýew çykdy. Şol gol hem duşuşygyň netijesini kesgitledi.

1-nji tapgyrda Büzmeýin etrabynda «Nebitçi» bilen golsuz deňlige razy bolan «Altyn asyr» bu ýeňişden soň utugyny 4-e çykaryp, ýaryş tertibinde ikinji orna çykdy. 3 utukly «Ahal» bolsa «Arkadag» we «Aşgabat» toparlary bilen bilelikde üçünji orny paýlaşýar.

25-nji aprelde geçiriljek 3-nji tapgyryň duşuşyklarynda «Ahal» Maryda «Merwiň» myhmany bolar, «Altyn asyr» bolsa 3-nji tapgyrda dynç alar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň