Soňky habarlar

Arhiw

Informatika boýunça talyplaryň arasynda halkara olimpiada badalga berildi

14:3619.04.2023
0
41728

Şu gün Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýurduň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda informatika dersi boýunça I halkara açyk internet olimpiadasyna badalga berildi.

«Turkmenmetbugatda» berilýän habara görä, talyplaryň arasynda geçirilýän bu ders bäsleşigine ýurduň ýokary okuw mekdeplerinden 181 talyp gatnaşýar. Şeýle hem olimpiada Russiýanyň, Belarusyň, Hytaýyň, Azerbaýjanyň, Koreýanyň, Malaýziýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Ermenistanyň, Rumyniýanyň we Germaniýanyň 50-den gowrak ýokary okuw mekdebinden 450 töweregi talyp gatnaşýar.

Daşary ýurt uniwersitetleriniň sanawyna Petronas Tehnologiýa uniwersitetiniň (Malaýziýa), Ploýeşti nebit we gaz uniwersitetiniň (Rumyniýa), Hytaýyň Pekin nebit uniwersitetiniň (HHR) we beýleki abraýly ýokary okuw mekdepleriň girýändigini bellemek gerek.

Halkara intellektual bäsleşigiň ýeňijileri netijeler jemlenenden soň yglan ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň