Ysraýylyň daşary işler ministri Eli Koen şu gün, ýagny çarşenbe güni Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada «Times of Israel» neşiri tarapyndan habar berilýär.
Neşiriň bellemegine görä, ysraýyl ministri Türkmenistana gelmek üçin agşam Azerbaýjandan uçar hem-de soňky onýyllykda Merkezi Aziýa döwletine baryp gören ilkinji ysraýyl ministri bolar.
Şeýle hem saparyň dowamynda ministr Koeniň Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Ysraýylyň ilçihanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşjakdygy habarda bellenilýär. Ertir — 20-nji aprelde bolsa Ysraýylyň daşary işler ministrini Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň kabul etmegine garaşylýar. Şeýle hem Koen saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri, oba hojalygy ministri we ysraýyl jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşar.
Ýeri gelende bellesek, Ysraýyl bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylda ýola goýuldy. Şu wagta çenli Aşgabatda, takmynan, on ýyl ozal açylan wagtlaýyn diplomatik missiýa hereket edýär.