Çempionlar ligasyndaky «Mançester Siti» ― «Bawariýa» duşuşygyna nirede tomaşa edip bolar?

12:0411.04.2023
0
17265

11-nji aprelde Angliýanyň «Mançester Sitisi» bilen Germaniýanyň «Bawariýasynyň» arasynda Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň ilkinji duşuşygy geçiriler.

Mançester şäherindäki «Etihad» stadionynda geçiriljek duşuşyk 23:45-de başlanar. Türkmenistanda bu duşuşyga «Matç TW» teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda tomaşa edip bolar.

Ýaryşyň 1/8 finalynda «Bawariýanyň» fransuzlaryň PSŽ-sini, «Mançester Sitiniň» bolsa nemesleriň «Leýpsigini» ýaryşdan çykarandygyny ýatladýarys.

Duşuşygy Hesus Hil Mansanonyň ýolbaşçylygyndaky ispaniýaly eminler topary alyp barar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň