«Tottenhemiň» hüjümçisi Son Hyn Min Angliýanyň çempionatynda 100 gol geçirmegi başaran ilkinji aziýaly futbolçy bolmagy başardy diýip, Opta statistiki agentligi habar berýär.
Günorta koreýaly hüjümçi Angliýanyň çempionatynyň 30-njy tapgyrynda «Braýtona» garşy duşuşygyň 10-njy minudynda hasaby açdy. 100 gol görkezijisine ýetmek üçin Son Hyn Mine 260 oýna gatnaşmak gerek boldy.