Şawkat Mirziýoýew Gurbanguly Berdimuhamedowa we türkmen kärdeşine gynanç bildirdi

22:0508.04.2023
0
56780

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa doganlyk hem ýakyn goňşy ýurduň döwlet Baştutanynyň enesi, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň mähriban käbesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatlaryny ýollady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

— Siziň mähriban eneňiz Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy baradaky ajy habar biziň ýüreklerimizi sarsdyrdy. Ogulabat eje Türkmenistanyň abadançylygyna we ösüşine bimöçber goşant goşdy, çagalaryny we agtyklaryny terbiýelemäge bütin ömrüni hem-de mährini bagyş etdi. Ogulabat eje hakyndaky nurana ýatlamalar biziň ählimiziň kalbymyzda ebedilik galar.

Size we Siziň maşgala agzalaryňyza, şeýle hem doganlyk türkmen halkyna bu gussaly hem agyr günlerde çuňňur gynanjymyzy beýan edýäris — diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen gynanç hatynda ýazýar.

Türkmen halkynyň Milli Liderine ýollan gynanç hatynda bolsa özbek Lideri:

— Siziň mähriban we eziz käbäňiz Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy baradaky ajy habar biziň ýüreklerimizde çuňňur hasrat döretdi.

Ogulabat eje Siz tarapyndan belent sarpa goýulýan asylly ynsan bolmak bilen, özüniň päk durmuşy, yhlasly zähmeti we hoşgylawlylygy, sabyr-takatlylygy bilen tutuş halkyňyzyň belent hormatyna mynasypdyr. Ol Siz ýaly, türkmen halky üçin taryhyň nukdaýnazaryndan hem deňi-taýy bolmadyk belent işleri amala aşyran gaýduwsyz we milletiň beýik Liderini terbiýeläp ýetişdirdi.

Türkmen eneleriniň we ähli zenanlarynyň asylly häsiýetlerini özünde jemlän Ogulabat ejäniň ady biziň hakydamyzda ebedilik saklanar.

Siziň maşgalaňyz üçin uly ýitgili gün bolan şu hasratly pursatda Siziň Alyhezretiňize we ähli ýakynlaryňyza, şeýle hem Türkmenistanyň doganlyk halkyna tüýs ýürekden gynanjymyzy beýan edýäris.

Mukaddes Oraza aýynyň şu nurana günlerinde beýik Allatagaladan merhumyň jaýyny jennet etmegini, meniň gadyrly doganym, Size, Siziň maşgala agzalaryňyza sabyr-kanagat, gujur-gaýrat eçilmegini dileg edýärin — diýip belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň