Arhiw

Türkmenistanda talyplaryň arasynda ylmy işler boýunça halkara bäsleşigi geçiriler

20:2008.04.2023
0
26000

Türkmenistanda ýurdumyzyň we daşary ýurtly talyplaryň arasynda geçirilýän «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek strategiýasynda ulag-üstaşyr geçelgeleriň mümkinçilikleri» atly ylmy işler boýunça halkara bäsleşigini kabul edişlik başlandy. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr neşiri habar berdi.

Bäsleşiginiň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi çykyş edýärler.

Ol Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkiýäniň, Eýran Yslam Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaş alymlarynyň arasynda geçirilýär. Bäsleşige 35 ýaşa ýetmedik şahslar bakalawr, magistr we hünärmen maksatnamalary boýunça bilim alýan ýokary hünär bilimi edaralarynyň talyplary, şeýle hem degişli ugurlar boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýan ýaş ylmy işgärler, aspirantlar we dalaşgärler çagyrylýar.

Halkara bäsleşigine hödürlenilýän ylmy-barlag işleri şu temalar boýunça kabul edilýär:

– Merkezi Aziýa – Hazar deňzi – Gara deňiz sebiti ugry boýunça Gündogar Ýewropanyň mümkinçiliklerini öwrenmek;

– Merkezi Aziýa – Ýakyn Gündogar ugry boýunça täze ulag-kommunikasiýa ýollaryny kemala getirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek;

– Merkezi Aziýa – Aýlag sebitiniň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini peýdalanmak;

– Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasy;

– Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy;

– Aziýa – Ýuwaş umman sebitinden Merkezi Aziýanyň üsti bilen Ýewropa bazarlaryna çykmagyň mümkinçilikleri;

– «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň mümkinçilikleri;

– «Lapis-Lazuli» halkara ulag geçelgesini ösdürmegiň mümkinçilikleri;

– Beýik ýüpek ýoluny dikeltmek boýunça Ýewraziýa ýurtlarynyň oňyn başlangyçlary we tejribesi;

– Merkezi Aziýa sebitinde «TIR-EPD» ulgamy «ASYCUDA World» awtomatlaşdyrylan gümrük maglumat ulgamy sanlaşdyrmagyň mümkinçilikleri.

Ylmy-barlag işleri bir adam tarapyndan ýerine ýetirilen bolmalydyr. Işler guramaçylyk komitetiniň hgi.hygdek@gmail.com elektron salgysy boýunça şu ýylyň 1-nji iýunyna çenli kabul edilýär.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänler bellige alyş soragnamasyny doldurmaly, onuň nusgasy Turkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň HGI-niň resmi saýtynyň bäsleşik baradaky bildiriş sahypasynda berildi. Şol ýerde-de bäsleşige gatnaşmagyň şertleri, ylmy-barlag işlerini ýazmaga bildirilýän talaplar we temalaryň doly sanawy beýan edilýär.

Bäsleşige gatnaşýanlaryň işlerine Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň alymlarydyr hünärmenlerinden ybarat bolan eminler topary baha berer. Ylmy gözden geçirilişiň birinji tapgyrynyň netijelerini jemlemek şu ýylyň 1-nji sentýabrynda meýilleşdirilýär. Soňra bäsleşigiň umumy jemi bolar, onuň netijeleri dekabr aýynyň ilkinji on gününde eminler tarapyndan yglan ediler.

Halkara bäsleşigiň ýeňijilerine derejeli Diplomlar, şeýle hem Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, «Türkmen Logistika» Assosiýasynyň we «Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi» açyk paýdarlar jemgietiniň adyndan gymmat bahaly sylaglar gowşurylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň