Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze rejelenen görnüşi taýýarlanar

14:0007.04.2023
0
49552

Habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda milli parlamentiň täze ýolbaşçy düzümi saýlanyldy, şeýle hem deputatlaryň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi.

Mejlisde eden çykyşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze rejelenen görnüşini taýýarlamagyň zerurdygyny belledi. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti şeýle diýdi:

«Türkmenistanda adamyň we raýatyň Konstitusiýada hem-de kanunlarda kepillendirilen hukuklaryny, azatlyklaryny goramak biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň baş maksady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu işleriň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek ýurduň kanun çykaryjy edarasynyň esasy wezipeleriniň biri bolmaly. Şunuň bilen baglylykda, raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, häzirki döwrüň talaplaryndan we oňyn halkara tejribeden ugur alyp, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze rejelenen görnüşini taýýarlamak zerur bolup durýar. Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine we beýleki kodekslere üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça işler alnyp barylmalydyr».

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň