Habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda milli parlamentiň täze ýolbaşçy düzümi saýlanyldy, şeýle hem deputatlaryň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi.
Türkmenistanda milli däp-dessurlary, halkyň taryhyny, milli mirasyny, şol sanda milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, olary bütin dünýä ýaýmak bilen bir hatarda, geljekki nesillere ýetirmek ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Bu ugurda Türkmenistan halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ýokary derejede ýola goýdy. Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna degişli üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.
Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek, Magtymguly Pyragynyň baý we gymmatly edebi mirasyny şöhratlandyrmak, bu şanly senäni dabaralandyrmak maksady bilen, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny işläp taýýarlamagyň we kabul etmegiň beýik akyldaryň mertebesini beýgeltmekde uly iş boljakdygy aýdyldy.