Aşgabatda Magtymguly Türkmen döwlet uniwersitetiniň umumy ýaşaýyş jaýynyň çäginde galyndylary aýratyn sortlamak boýunça synag taslamasyny durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.
Bu başlangyç BMG-niň ÖM bilen Türkmenistanyň oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Türkmenistanda durnukly şäherler: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösüşi» atly bilelikdäki taslamasynyň çäginde durmuşa geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, 4-nji aprelde BMG ÖM Türkmenistanyň Tebigaty Goramak Jemgyýeti bilen bilelikde TDU-nyň Geografiýa fakultetiniň Ekologiýa bölümine galyndylary sortlamak üçin plastik gaplary we üç bölümli zibil gutularyny gowşurdy.
BMG ÖM-iň metbugat beýanatyna görä, eko-taslamanyň netijelerine esaslanyp, Usuly gollanma taýýarlanar.
BMG ÖM-iň Ählumumy ekologiýa gaznasy (GEF) tarapyndan maliýeleşdirilýän
«Türkmenistanda durnukly şäherler: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösüşi» atly taslamasy Türkmenistanda durnukly şäherleriň kemala gelmegine ýardam edýär. Taslamanyň çäginde Türkmenistanda galyndylary dolandyrmagy kämilleşdirmek boýunça köp işler edilýär. BMG ÖM-iň goldawy bilen, galyndylary dolandyrmak babatynda Türkmenistan baradaky täze konsepsiýanyň taslamasy, «Galyndylaryň klassifikatory», «Galyndylaryň howpuny kesgitlemegiň ölçegleri» kadalaşdyryjy hukuk namalary işlenip düzüldi.